Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Meniň janymy Ol täzeleýär hem-de Öz adynyň hatyrasyna dogrulyk ýollaryndan meni äkidýär. Tüm garaňky dereden geçäýemde-de, ýamanlykdan gorkmaýaryn men, çünki Sen meniň bilensiň. Seniň hasaň, çopan taýagyň aram berýär janyma meniň. Hudaýymyz – halas eýleýän Hudaý, Hökmürowan Reb – ölümden gutaryp bilýär. Hökmürowan Reb bu dagda ähli halklar üçin bol iýmitli, sap şeraply, ýilikli, bol etden, süzülen sap şeraply meýlis gurar. Bütin halklary örten örtügi, ähli milletleriň üstündäki ýapynjany bu dagdan ýok eder. Ölümi ebedilik ýuwudar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb, halkynyň utanjyny bütin ýer ýüzünden aýrar Ol. Muny Reb aýdýandyr. Şol gün şeýle diýler: «Ine, Hudaýymyz budur, biz Oňa umyt bagladyk, Ol bizi halas etdi. Biziň umyt baglan Rebbimiz budur; halas bolanymyz üçin begeneliň, şatlanalyň!» Rebbiň eli bu dagda bolar, dersli çukurda samanyň depelenişi kimin mowaplylar-da öz ýerlerinde basgylanar. Reb hemişe size ýol görkezer, gurak ýerlerde sizi kanagatlandyrar, süýegiňize kuwwat berer. Siz suwarylan bag kimin, suwy egsilmeýän çeşme kimin bolarsyňyz.
Выбор основного перевода