Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Olaryň Hudaýy nirede?» diýip, goý, milletler aýtmasyn. Seniň bendeleriň dökülen ganlarynyň alynýanlygy göz alnymyzda, goý, milletler bilsin. Sen olara gözýaşly çörek iýdirdiň, gözýaşlaryny suw kimin içirdiň. Seniň gahar-gazaplaryň zerarly, küli çörek kimin iýýärin, gözýaşlarym garylan içgi içýärin. Sen meni göterip, gyra taşladyň. «Hany olaryň Hudaýy?» diýip, näme üçin milletler aýtsyn?! «Hany, Hudaýyň Reb nirede?» diýen duşmanym muny görer, ol utanja galar. Duşmanymyň ýykylyşyny öz gözlerim bilen görerin. Köçeleriň palçygy dek, aýak astynda basgylanar ol.
Выбор основного перевода