Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Adalatly çözüň garybyň, ýetimiň dawalaryny, goraň ezileniň, mätäjiň hak-hukugyny. Halas ediň ejiz bilen mätäji, erbetleriň golundan azat ediň olary. Öz ýakynyny ýigrenýänler günä edýändir, garyba rehim edýän bolsa bagtlydyr. Şonuň üçin hem, eý, şahym, meniň maslahatymy kabul et: günäleriňden adalatyň bilen, ýazyklaryňdan garyplara rehim etmegiň bilen dyn. Belki şonda asudalygyň möhleti uzar». Isa oňa söýgüden doly mähir bilen seredip: «Seniň ýekeje kemiň bar. Git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi. Meýlis guranyňda garyplary, maýyplary, agsaklary, körleri çagyr.
Выбор основного перевода