Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eý, Hudaý, meni halas etmegi niýetiňe sal; ýa Reb, tiz ýetiş meniň dadyma. Janyma kast edýänleriň hemmesi, goý, utanja galsyn, ýüzi gyzarsyn; başyma gelen külpetlere şat bolýanlar, yzyna öwrülip, masgara bolsun. Maňa «haý, haý!» diýýänler, utançlaryndan ýaňa, goý, dowla düşsün. Seni agtarýanlaryň bary Sende begenip, şadyýan bolsun; «Hudaý beýikdir!» diýip, halas edişiňi söýýänler dyngysyz aýtsyn. Men bolsa garyp we mätäç, ýöne, eý Hudaý, maňa gamhorlyk etgin; Sensiň kömegim hem Halasgärim, eglenme, ýa meniň Rebbim! Emma Sen, ýa Reb, uzakda bolma, eý, güýjüm, ýetiş meniň dadyma. Ýardam etmek üçin dadyma ýetiş, ýa, Taňry meniň Halasgärim!
Выбор основного перевода