Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Kümşi çäge kimin ýygnap, geýim baryn toplasalar-da, dogruçyllar geýer olary, bigünäler paýlaşarlar ol kümüşleri. Eklenmek üçin der dökmegiňiz, ir turup, giç ýatmagyňyz puçdur. Hawa, Ol söýýänine hatda ýatyrka-da rysgal berýändir. Men Günüň astynda çeken ähli zähmetimi ýigrendim, çünki men bar gazanjymy özümden soň geljege goýup gitmeli. Çünki adam paýhas, bilim we ussatlyk bilen zähmet çekýär, ýöne ol baryny hiç bir zähmet çekmedik başga adama galdyrmaly bolýar. Bu-da biderek, uly adalatsyzlyk! Onsoň ol: „Hä, men, ine, şeýle ederin: ammarlarymy söküp, ulurak ammarlar salaryn-da, ähli gallamy, bar zadymy şol ýere ýygnaryn. Özüme bolsa, eý, janym, köp ýyl üçin ýygnalan ençeme zadyň bar, dynjyňy al, iý, iç, keýp çek diýerin“ diýýär. Emma Hudaý oňa: „Eý, akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň alnar. Onsoň özüň üçin taýýarlan zatlaryň kime galar?“ diýýär. Bu dünýäniň işlerine meşgul kişiler-de öz wagtyny olara sowurmasyn. Çünki bu dünýä soňlanyp barýandyr. Ertir näme boljagyny nireden bilýärsiňiz?! Siziň ömrüňiz näme? Ol az salym görnüp, soňra ýitirim bolýan säher çygy ýalydyr.
Выбор основного перевода