Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebbiň Dawudy ähli duşmanlaryndan hem-de Şawuldan halas eden güni, ol Rebbiň şanyna şu aýdymy aýtdy: Gam-gussamyň içinde Rebbi çagyrdym, öz Hudaýyma men perýat etdim. Ol ybadathanasyndan meň sesimi eşitdi; Onuň gulagyna perýadym ýetdi. Men Rebbi agtardym, Ol jogap berdi hem-de ähli howplardan meni halas eýledi. Reb eşidýär dogrular perýat edende, Ol olary ähli muşakgatlaryndan halas eýleýär. Dogry ynsanyň dertleri köpdür, emma Reb ählisinden ony halas edýändir. Çünki Reb mätäçleri eşidýär, Öz ýesir halkyny gözden salmaýar.
Выбор основного перевода