Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonuň üçin hem indi siz Meniň sözüme boýun bolup, Meniň ähtimi saklasaňyz, ähli halklaryň arasynda siz Meniň Öz saýlan halkym bolarsyňyz, çünki tutuş zemin Meniňkidir. Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Hudaýyňyz Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan sizi saýlady. Howlularyňda ýaşasyn diýip saýlan ynsanyň – Özüňe ýakynlaşdyran ynsanyň nähili bagtly! Seniň öýüň, mukaddes ybadathananyň ýagşylygyndan doýaly. Şeýle ýalkanan halk nähili bagtly! Hudaýy Reb bolan halk nähili bagtly!
Выбор основного перевода