Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra Musa bilen ysraýyllar Rebbe bagyşlap, şu nagmany aýtdylar: «Men Rebbe nagma aýdaryn. Ol şöhratly ýeňiş gazandy. Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy. Reb meniň güýjüm hem aýdymym. Ol meniň Halasgärim boldy. Ol meniň Hudaýym, Ony alkyşlaryn. Ol atamyň Hudaýy, Ony beýgelderin. Reb esgerdir. Onuň ady Rebdir. Faraonyň söweş arabalaryny ähli goşuny bilen deňze zyňdy. Saýlama urşujylary-da Gyzyl deňizde gark boldy. Olary tolkunlar gaplap, daş kimin çuň düýbe çökdüler. Ýa Reb, Seniň sag goluň güýç-gudratda şöhratlydyr. Ýa Reb, Seniň sag goluň duşmany mynjyradýar. Özüňe garşy çykanlary beýik ýeňşiň bilen çökerýäň. Alawly gazabyňy inderip, olary saman dek ýakýaň. Haýbatly demiňden, suw dik ýokary galdy. Tolkunlar diwar ýaly bolup, çuň deňziň düýbi daş dek gatady. Duşman diýdi: „Kowalaryn, yzlaryndan ýeterin. Oljasyny bölüp, teşneligimi gandyraryn. Gylyjymy ýalaňaçlap, olary ýok ederin“. Üflän ötgür demiňden, deňiz olary gaplady. Olar gurşun kimin äpet suwa çökdüler. Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr? Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik! Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar. Sag goluňy uzadanyňda, olary ýer ýuwutdy. Sadyk söýgiň bilen azat eden halkyňa baş bolduň. Beýik güýjüň bilen olara Mukaddes mekanyňa ýol görkezdiň. Milletler eşidende sandyraşýarlar. Piliştlileriň ýüregi ýarylara gelýär. Edomyň beglerini gorky basýar. Mowabyň serdarlaryny ysytma tutýar. Kenganyň ilaty dowla düşýär. Seniň goluň gudratyndan, olaryň üstüne howp we gorky inýär. Öz azat eden halkyň geçip bolýança, olar daş kimin doňýarlar. Sen halkyňy getirip, Öz dagyňda oturdarsyň. Ýa Reb, bu ýeri Öz öýüň üçin saýlarsyň. Ýa Reb, mukaddes öýi Özüň bina edersiň. Reb hemişelik we baky höküm sürer». Şol gün ýeňiş mynasybetli Debora bilen Abynogamyň ogly Barak şeýle aýdym aýtdylar: «Ysraýyl ýolbaşçylary aýaga galanda, halk olara meýletin boýun bolanda, Rebbe alkyş aýdyň! Eý, patyşalar, eşidiň! Eý, serkerdeler, diňläň! Men Rebbe nagma aýtjak, Ysraýyl Hudaýy Rebbe bir owadan saz çaljak. Ýa Reb, Sen Segirden çykaňda, Edomdan nyzamly aýak goşaňda, ýer sarsyp titredi, asmandan çagba ýagdy, bulutlardan sil akdy. Sinaý dagynda Rebbiň öňünde, Ysraýyl Hudaýy Rebbiň öňünde daglar sarsyp lerzana geldi. Ýageliň zamanynda Anat ogly Şamgar höküm sürende, kerwenleriň yzy kesilipdi, ýolagçylar sowa ýoldan ýöräpdiler. Debora heniz gelmezinden öň, ene hökmünde orta çykarmazyndan öň, Ysraýyl obalarynda hiç kim galmandy. Olar täze hudaýlary saýlan wagty uruş gala derwezesine gelip ýetipdi. Ysraýylyň kyrk müň esgeriniň ählisi ne galkanyn tapdy, ne-de naýzasyn. Eý, Ysraýyl serkerdeleri, ýüregim siz bilen, gahrymanlarça söweşjekler bilen. Rebbe şöhrat bolsun! Muny aýdyň, adamlar, ak eşek münüp gelýänler, haly-palaslarda oturanlar, ýoldan geçip barýanlar! Güzere eşidilýär sazyň owazy, eşidýäs biz surnaýlaň sesin. Ysraýyl serdarlarynyň beýik işlerini, Rebbiň ýeňşini wasp edýärler. Rebbiň halky gala derwezesine ýöriş edýär. Oýan, eý, Debora, oýan! Aýt, sen öz aýdymyňy aýt! Eý, Abynogam ogly Barak, galkyn! Öz duşmanlaryňy ýesir al! Diri galanlar öz serkerdesiniň ýanyna geldi, Rebbiň halky uly güýç bilen maňa geldi. Amalek ýurdundaky efraýym hem benýamin tirelerinden uruş tälimin bilýänler geldiler. Makyrdan ýolbaşçylar geldiler. Zebulundan şa hasasyny göterýänler geldiler. Ysakar serkerdeleri Debora bilen biledi. Hawa, ysakar halky Baraga wepalydy, onuň yzyndan pyýadalap düzlüge düşdüler. Emma ruben urugynda içini hümledýänler köpdi. Näme üçin siz agyllaryň ýanynda çopan tüýdüginiň owazyna maýyl bolup oturdyňyz? Rubeniň urugynda içini hümledýänler köpdi. Gilgat Iordanyň aňyrsynda galdy. Danyň adamlary öz gämileri bilen galdy. Aşeriň halky deňiz ýakasynda öz gämi duralgalarynda galdy. Naftaly hem zebulun halklary janlaryny howp astynda goýup, söweş meýdanynda çaknyşdylar. Tagnakda we Megido suwlarynyň ýakasynda Kengan hanlary gelip söweşdiler; emma olar ne kümüş, ne olja gazandylar. Asmandan ýyldyzlar lowurdap, öz ýolunda Sisera bilen söweşdi. Kişonyň akymy – bu gadymy derýa olary gark etdi. Eý, janym! Güýjüňi jemläp, öňe git! At toýnagynyň ýer sarsdyrýan sesi eşidildi. Rebbiň perişdesi diýýär: „Batyr esgerlere goşulmandygy üçin Meroz galasyna gargaň, onuň halkyna lagnat ýagdyryň!“. Keýnlerden bolan Heberiň aýaly Ýagel çadyrda ýaşaýan aýallar arasynda ýalkansyn! Sisera suw diledi, Ýagel oňa süýt berdi. Hanlara mynasyp käsede oňa gaýmak getirdi. Ol çadyrdan çykdy, sol eline gazyk, sag eline tokmak aldy. Tokmak bilen Siserany urup, onuň kellesini mynjyratdy. Ol gazygy eline aldy-da, Siseranyň gulak tozunda goýup, üstünden tokmak bilen kakdy. Sisera Ýageliň aýagynyň astynda, ýatan ýerinde jan berdi. Siseranyň ejesi penjireden seredip, gözüni ýola dikip durşuna perýat edýär: „Oglumyň söweş arabalary näme üçin eglendikä? Näme üçin atlarynyň aýak sesi eşidilenok?“. Akylly boýdaşlary oňa göwünlik berdiler. Megerem, onuň özi-de özüne şeýle diýerdi: „Belki, olja paýlaşýandyrlar, hersi özüne birki gyzy tutýandyr. Sisera öz olja alan zatlaryndan dürli reňkli geýimler saýlaýandyr, nepis nagyşly geýimlerden meniň üçin saýlaýandyr“. Goý, seniň duşmanlaryň hemmesi şeýdip ýok bolsun, ýa Rebbim! Seni söýýänler bar güýji bilen şöhle saçýan Gün ýaly güýçli bolsun!» Şondan soň ýurt kyrk ýyllap parahat ýaşady. Reb berkitme bolar ezilýänlere, berkitme bolar muşakgatlyk wagtynda. Sen ynsan dildüwşüklerinden olary Öz huzuryň saýasynda gizleýäň; dilleriň dawalaşmagyndan çadyryň howpsuzlygynda saklaýaň. Sen meniň gizlenýän ýerim hem-de galkanym, men Seniň sözüňe umyt baglaýaryn.
Выбор основного перевода