Emma Sen, ýa Reb, daşymda bir galkansyň, şan-şöhratym, başymy dikeldýän Sensiň.
Duşmanym: «Ondan ökde geldim» diýmesin, ýykylmaýyn, ýagylarym, goý, şatlanmasyn.
Reb meniň gaýam, galam hem Halasgärim, Hudaýym – pena edinýän gaýam, galkanym, ýeňşim hem-de berkitmäm.
Men nagmada Hudaýyň adyny öwjek, Ony şükürler bilen arşa çykarjak.