Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýa Reb, maňa merhemet eýle, gör meni ýigrenýänlerden çekýän derdimi; Saňa ähli alkyşlarymy jar ederim ýaly, Sensiň ölüm derwezelerinden meni halas eýleýän. Sion gyzynyň derwezelerinde Seniň halas edişiňe men şatlanaýyn. Reb meniň güýjüm hem-de galkanym; Oňa bil baglady meniň ýüregim, Ol maňa ýardam edýär, ýüregim biçak şatlanýar; Oňa nagmam bilen şükür ederin. Reb halkyň güýjüdir, seçip-saýlanynyň halas berkitmesi Oldur. Men bolsa Seniň gudratyň hakda nagma aýdaryn, ir säherde sadyk söýgiň hakda nagma aýdaryn. Çünki Sen maňa berkitme bolduň, muşakgatly günde Sen penam bolduň. Eý, Güýjüm, men Saňa nagma aýdaryn, çünki, eý, Hudaý, meniň berkitmäm – Sensiň. Sen meni wepalylyk bilen söýýän Hudaýsyň.
Выбор основного перевода