Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çaparlaryň arkaly Taňryny masgaralap, şeýle diýdiň: „Birtopar söweş arabalarym bilen daglaryň üstüne çykdym, Liwanyň jümmüşine bardym, onuň iň uzyn kedr agaçlaryny, gözel serwi agaçlaryny çapdym. Men onuň iň çola ýerine, gür jeňňeline girdim. Aşur patyşasy ynsan güýji bilendir, emma biziň bilen Hudaýymyz Rebdir. Ol bize ýardam edip, biziň üçin söweşer». Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň sözleri halky ruhlandyrdy. At söweş güni üçin seýislenýändir, emma ýeňiş Rebdendir. Medet sorap, Müsüre gidýänleriň, atlara daýanýanlaryň, köpdükleri üçin söweş arabalaryna, güýçlüdikleri üçin atlylara bil baglaýanlaryň dat gününe! Olar Ysraýylyň Mukaddesine ýüz tutmaýarlar, Rebden maslahat soramaýarlar. Onsoň siz nädip jenabymyň iň pes derejeli serkerdesini ýeňip biljek? Siz söweş arabalary we atlylary bar diýip, Müsüre bil baglaýarsyňyzmy?
Выбор основного перевода