Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar Meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin». Ýoşyýa Ysraýyl topragyndaky ysraýyllara degişli bolan ýigrenji zatlaryň baryny ýok edip, Ysraýylda bolanlaryň hemmesine özleriniň Hudaýy Rebbe ybadat etmekligi buýurdy. Ýoşyýanyň ýaşan döwründe olar atalarynyň Hudaýy Rebbiň ýoluna eýermekden dönmediler. Ýa Reb, parzlaryňyň ýoluny öwret, men ony ahyra çenli saklaryn. Seniň hökümleriňden ýüz öwürmedim, çünki maňa Sen tälim berdiň.
Выбор основного перевода