Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaý ýagtylygy gündiz, tümlügi bolsa gije diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu ilkinji gündi. Ykrar ediň: güýç Hudaýyňkydyr, Onuň belentligi Ysraýylyň üstündedir, Onuň gudraty gökler üstündedir! Rebbe şan-şöhrat bolsun! Şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky. Rebbe şan-şöhrat bolsun! Göklerden Rebbi şöhratlandyryň, belentliklerde Ony şöhratlandyryň! Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.
Выбор основного перевода