Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gögüň kanunlaryny bilýäňmi sen? Ýerde olaryň hökümini ýöredip bilermiň? Gökde sadyk şaýatlyk bolan, baky berkarar edilen Aý ýaly bolar“». Sela Wepalylygyň dowam edýär nesillerboýy, Sen dünýäni gurduň, ol hem mäkäm dur. Gündizine yşyk bolsun diýip, Güni beren, gijesine yşyk bolsun diýip, Aýyň we ýyldyzlaryň kanunlaryny düzen, tolkunlar güwwüldeşer ýaly, deňzi öjükdiren Reb, ady Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eger bu kanunlar Meniň huzurymda ýatyrylsa, onda Ysraýyl nesli-de huzurymda millet bolmakdan ebedilik aýrylar». Muny Reb aýdýandyr. Reb şeýle diýýär: „Gije-gündiz bilen äht baglaşyp, gögüň we ýeriň düzgünlerini Men berkarar etdim. «Ýa Reb Hudaýymyz! Sen şöhrata, hormata we gudrata mynasypsyň. Hemme zady Sen ýaradansyň. Ählisi yradaňa görä döredildi we ýaradyldy» diýýärdiler.
Выбор основного перевода