Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Öz howsalamda şeýle oýladym: «Men Seniň nazaryňdan taşlandym». Ýöne Saňa perýat eden wagtymda Sen dady-perýatlarymy eşitdiň. Rebden teselli tap, ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl eder. Reb Özünden gorkýanlardan, Onuň sadyk söýgüsine umyt baglaýanlardan, keýpi çag bolýar. Erbediň gorkusy başyna geler, dogruçyllar myradyna ýeter. Reb erbetlerden daşdadyr, dogruçyllaryň dogasyny bolsa eşidýär. Hudaýyň günäkärleri diňlemeýändigini bilýäris, emma kim Oňa sežde edip, Onuň yradasyny berjaý etse, Hudaý ony diňleýär. Biz Hudaýa bil baglaýarys, sebäbi Onuň yradasyna görä näme dilesek, dilegimizi eşidýändigini bilýäris.
Выбор основного перевода