Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men bolsa bil bagladym sadyk söýgiňe, ýüregim halas edişiňe begener. Men Rebbe nagma aýdaryn, sebäbi Ol maňa jomartlyk etdi. Reb bilen meniň janym magtanar, pespäller eşider hem-de şat bolar. Ýa Reb, Öz adyň hatyrasyna, gora Sen ýaşaýşymy! Öz dogrulygyňyň hatyrasyna, muşakgatdan halas eýle janymy! Ol ezilenleriň hakyny alyp berýändir, açlara nan berýän Oldur, Reb ýesirleri boşadýar. Kör gözleri açmak, tussaglary tussaglykdan, zulmatda oturanlary zyndandan azat etmek üçin seni halka äht, milletlere nur ederin.
Выбор основного перевода