Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Elýaşa Ysraýyl patyşasyna şeýle diýdi: «Hyzmat edýän Hökmürowan Rebbimiň adyndan ant içýärin, men Ýahuda patyşasyna sarpa goýýanlygym üçin seniň bilen gepleşýärin, ýogsam men seniň ýüzüňe-de seretmezdim. Ysraýyllar olara hüjüm etmediler, sebäbi jemagat baştutanlary olara Ysraýyl Hudaýy Rebbiň adyndan kasam içipdiler. Soňra jemagat öz baştutanlaryna garşy nägilelik bilen hüňürdeşdi. Emma baştutanlar tutuş halka ýüzlenip: «Biz olara Ysraýyl Hudaýy Rebbiň adyndan kasam etdik. Şonuň üçin hem biz olara degmeris. Biz olar bilen şeýle ederis: öz eden kasamymyza Rebbiň gazaby başymyzdan inmez ýaly, olary diri galdyrarys. Ol gyzyny görende, ýakasyny ýyrtyp: «Wah, gyzym, sen meniň bagtymy garaltdyň! Indi sen hem meni ynjalykdan gaçyrdyň! Çünki men Rebbiň öňünde öz agzym bilen kasam etdim, indi nädip ondan boýun gaçyraýyn» diýdi. Patyşanyň köşgündäki ähli köşk emeldarlary dyza çöküp, Hamana tagzym etdiler, çünki patyşa olara şeýle tabşyryk beripdi. Emma Mordekaý oňa dyza çöküp, tagzym etmekden boýun towlady. Olar bize köp sylag-hormat etdiler. Ýola ugramakçy bolanymyzda, bize zerur ähli zatlary getirip, gämä ýüklediler. Ýannis bilen Ýambrisiň Musa garşy çykyşy ýaly, bu adamlar hem hakykata garşy çykýandyrlar. Olaryň pikiri bozuk, imanlary bolgusyzdyr.
Выбор основного перевода