Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýa Reb, duşmanlarym zerarly, Öz adalatyňda meni ugrukdyr; dogrula Sen öňümdäki ýoluňy. Ýa Reb, maňa ýoluňy öwret hem-de duşmanlarym sebäpli meni düz ýodadan alyp git. Ýa Reb, hakykatyňda gezerim ýaly, maňa öwret Sen Öz ýoluňy. Seniň adyňdan gorkarym ýaly, Özüňe bagla meniň ýüregimi. Ertirlerine maňa duýdur sadyk söýgiňi, çünki Saňa baglaýan bili. Maňa bildir ýöremeli ýolumy, çünki men Saňa intizardyryn. Maňa Öz yradaňy berjaý etmegi öwret, çünki meniň Hudaýym Sensiň! Seniň ýagşy Ruhuň düz ýoldan meni äkitsin! Erbetleriň ýoly Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllygy yzlaýany bolsa Ol halaýandyr.
Выбор основного перевода