Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky. Meni ezmek, Öz eliň işini ret etmek, pisleriň dildüwşügini goldamak Saňa gowumy? Elleriň maňa biçim berdi, meni ýaratdy, indi bolsa meni heläk etmekçi bolýaň. Sen çagyrarsyň, men-de jogap bererin. Öz eliňiň ýaradanyny küýsärsiň. Sen gizleme menden ýüzüňi, gazabyňda kowma Sen Öz guluňy; Sen maňa kömekçi bolduň; meni taşlama hem-de terk etme, eý, Halasgär Hudaýym meniň! Men çagyraryn Beýik Hudaýy – men babatda niýetini berjaý edýän Hudaýy. Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky. Sizde ýagşy işi başlan Hudaýyň muny Isa Mesihiň geljek gününe çenli bitirjekdigine ynanýaryn.
Выбор основного перевода