Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Maskil. Zipliler gelip, Şawula: «Dawut biziň aramyzda gizlenýär» diýenlerinde, Dawudyň aýdan mezmury. Eý, Hudaý, meni halas et Öz adyň bilen, meni akla Sen gudratyň bilen. Eý, Hudaý, meniň dogamy eşit, Sen agzymyň sözlerine gulak goý. Çünki gelmişekler garşyma galdy, sütemkärler janymyň kastyna çykdy; olar Hudaýy äsgermeýärler. Sela Meniň üçin bolsa Hudaý kömekdir! Taňry söýgetleýär meniň janymy. Ol duşmanlarymyň eden ýamanlygyny olaryň öz başlaryna inderer. Öz wepalylygyň hatyrasyna ýok et olary. Mukaddes Ýazgylarda hem şeýle ýazylgydyr: «Dogry adam ýok, ýok ýeke biri-de; Düşünýän asla ýok, Hudaýy agtarýan-da ýok. Olaryň hemmesi ýoldan çykdy, ählisi deň derejede dereksiz boldy. Ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de. Tekepbirliklerinde Seni agtarmaz olar, pikirleriniň barynda «Hudaý ýok» diýýär. Olar ýaňsylaýar, betpäl gürleýär, gopbamsyrap, zulum bilen gorkuzýar.
Выбор основного перевода