Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaý bilen jedelleşmek islän, Onuň müňden bir sowalyna-da jogap berip bilmez. Günä etsem, göz astyňda saklaýarsyň, etmişimi jezasyz goýmaýarsyň. Sen wehimlisiň! Gazaba müneňde kim durup biler? Öz bendäň bilen dawa girişme, çünki dirileriň hiç biri Seniň öňüňde aýypsyz çykmaz. Kim Onuň gaharyna garşy durup bilýär? Kim Onuň lowlaýan gazabyna çydam edýär? Rebbiň gazaby ot deýin inýär, öňünde gaýalar kül-peýekun bolýar. Emma äht Wekiliniň geljek gününe kim çydap biler? Ol peýda bolanda, onuň öňünde kim durup biler? Çünki Ol demri eredýän ot kimin, kir ýuwujynyň sabyny kimindir. Çünki Olaryň gazabynyň güni ýetip geldi. Muňa döz geljek barmy?»
Выбор основного перевода