Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Adama bolsa Beýik Hudaý şeýle diýdi: «Sen aýalyňyň gepine gitdiň, „Iýme“ diýip, gadagan eden agajymyň miwesinden iýdiň. Seniň eden işiň sebäpli, Men topragy näletländirin. Sen toprakdan ömürboýy muşakgatlyk bilen iýmitlenersiň. Umytlydygyň üçin arkaýyn bolarsyň, goralarsyň, howpsuzlykda dynç alarsyň. Ýatanyňda seni gorkuzan bolmaz, köpler saňa ýaranjaňlyk ederler. Ýurduň halkyna, Iýerusalim ilatyna we ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Olar çöreklerini gorky bilen iýip, suwlaryny howp astynda içerler, sebäbi ol ýerde ýaşaýanlaryň eden zorlugy zerarly ýurt çolaryp galar. Simun Petrus olara: «Men balyk tutmaga gidýärin» diýdi. Olar-da: «Biz hem seniň bilen gitjek» diýdiler-de, gaýyga münüp gitdiler, ýöne şol gije hiç zat tutup bilmediler.
Выбор основного перевода