Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
diňe şonda Hudaýyňyz Reb size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp berer we rehim-şepagat eder. Hudaýyňyz Reb sizi dargadyp goýberen başga halklarynyň içinden ýene-de yzyňyza ýygnar. Agsaklar keýik kimin bökjeklärler, lal diller şatlykdan aýdym aýdarlar; düzden suwlar, çölden çeşmeler çogup çykar; Ine, Men bir täze zat edýärin, ol häzir başlaýar, görmeýärmisiňiz? Men çölde ýol, sährada derýalar emele getirerin. Şonda siz Meni taparsyňyz, muny Men – Reb aýdýandyryn. Men size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp bererin, sizi kowan ýerlerimiň baryndan, ähli milletleriň arasyndan yzyňyza ýygnaryn. Muny Reb aýdýandyr. Men sizi nireden sürgün eden bolsam, şol ýere hem gaýtaryp getirerin. Çünki halkym Ysraýyl bilen Ýahudanyň öňki abadançylygyny dikeltjek günlerim ýetip gelýär. Muny Reb aýdýandyr. Men olary ata-babalaryna beren ýurduma gaýtaryp getirerin, olar hem ol ýeri eýelärler. Muny Reb aýdýandyr“». Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men olara öňki abadançylygyny gaýtaryp berenimde, olar Ýahuda ýurdunda we onuň şäherlerinde ýene-de şu sözleri aýdarlar: „Reb seni ýalkasyn, eý, dogrulyk mekany, eý, mukaddes dag!“
Выбор основного перевода