Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eý, Hudaýym, men Saňa bil baglaýan; men utanja galmaýyn; duşmanlarym menden üstün çykmasyn. Saňa intizarlar galmasynlar utanja, nähak ýere hyýanat edýänler galsyn utanja. Hudaý bu şäheriň ortarasynda, ol sarsdyrylmaz, Hudaý oňa kömek eder säher çagyndan. Dogruçyl hiç haçan ornundan sarsmaz, erbetler ýer ýüzünde galmaz. Söze üns berýän rowaç tapar, Rebbe ynanýan bolsa bagtlydyr. Açgöz adam jenjelçidir, Rebbe bil baglaýan bolsa doklukda ýaşar. Adamdan gorkmak duzakdyr, Rebbe bil baglaýan bolsa aman galýandyr. Baýramlar geçirilýän Sion şäherine seret! Gözleriňiz asuda mekan, sarsmaz çadyr bolan Iýerusalimi görer, onuň gazyklary sogrulmaz asla, ýüpleriniň hiç biri üzülmez.
Выбор основного перевода