Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Wepadarlaryny Öz penasynda saklar Ol. Emma betniýetleri zulmatda ýitirim eder. Çünki adam öz güýji bilen mäkäm däl. Reb ony gorar, aman galdyrar, ýer ýüzünde oňa bagtly diýerler; Sen duşman eline ony bermersiň. Ol bizi aman galdyrdy, aýagymyzy büdremekden saklady. Seni ähli ýollaryňda goramak üçin, perişdelerine sen babatda Ol emr eder. Aýagyň daşa büdremez ýaly, olar seni ellerinde göterer. Eger öýi Reb bina etmese, ony bina edýänleriň azaby puçdur. Eger şäheri Reb goramasa, garawulyň oýa durmagy puçdur. Onsoň aman-esen gezersiň, büdremersiň. Çünki Reb seniň ähtibaryň bolar, aýagyňy duzaga düşmekden saklar. Men – Reb onuň sakçysydyryn, ony her pursat suwarýaryn, hiç kim zyýan ýetirmesin diýip, gije-gündiz goraýaryn.
Выбор основного перевода