Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Baştutanlary akylyndan azaşdyryp, ýolsuz çölde ykdyrýan-da Oldur. Näme üçin menden ýüzüňi gizläp, meni Özüňe duşman saýýarsyň? Näme üçin Sen ýüzüňi gizleýäň, muşakgat bilen hasratymyzy unudýaň? Eýsem Taňry ebedilik ret edäýdimi? Indi menden asla razy bolmazmy? Ýa Reb, haçana çenli gaharlanjak? Bize müdimilik gaharlanjakmy? Gabanjaňlygyň ot deý lowlap ýanjakmy? Ýa Reb, näme üçin ret edýäň meni? Näme üçin gizleýäň menden ýüzüňi? Şan-şöhratynyň soňuna çykdyň, onuň tagtyny ýere pylçadyň. Ýazyklaryňyz Hudaýyňyz bilen araňyza aýralyk saldy, sesiňizi eşitmez ýaly, günäleriňiz Onuň ýüzüni sizden gizledi. Ýa Reb, haçana çenli medet diläp perýat edeýin? Sen gulak salýaňmy? Zulumdan perýat edýän, ýöne Sen halas etmeýäň.
Выбор основного перевода