Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Öz howsalamda şeýle oýladym: «Men Seniň nazaryňdan taşlandym». Ýöne Saňa perýat eden wagtymda Sen dady-perýatlarymy eşitdiň. Ynsanlar biderek zatdyr, ynsan ogullary bir ýalan zatdyr. Olaryň hemmesini terezä goýsaň, howadan hem ýeňil bolar olaň agramy. Her kim öz dostuny aldaýar, hiç kim hakykaty sözlemeýär. Dillerine ýalan sözlemegi öwretdiler, şer işler edip, toba etmegi bilmediler. Asla etmez! Adamlaryň ählisi biwepa bolaýanda-da, Hudaý sadykdyr. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda Hudaý barada şeýle ýazylgydyr: «Sen çykaran hökümiňde adalatlysyň, Kazylyk edeniňde, üstün çykansyň».
Выбор основного перевода