Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb garyby aýak astyndan göterýär, mätäji serdarlaryň hataryna goşýar, zibilhanadan çykaryp, Reb ony hezzet tagtynda oturdýar, çünki Ýeriň sütünleri Rebbiňkidir, dünýäni şolaryň üstünde bina eden Oldur. Ýyşaý ony getirtdi. Ol gyzylmeňizdi, görmegeýdi, gözleri owadandy. Reb: «Bu şol, tur, onuň başyna ýag guýup saýla» diýdi. Şeýdip, Zimri Bagşanyň ähli nesillerini ýok etdi. Rebbiň Ýehu pygamberiň üsti bilen Bagşa garşy aýdan sözleri berjaý boldy. Dogrulardan gözüni aýyrmaz, olary şalar bilen tagtda oturdyp, mertebelerini ebedilik beýgeldýär. Mätäji bolsa görgülerinden dyndyrýar, onuň maşgalasyny süri kimin köpeldýär.
Выбор основного перевода