Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eý, hileli dil, sen halaýaň ähli heläkleýji sözleri! Ýa Reb, ýalançy agyzdan, hileli dilden halas et meni. Ýolbaşçy ruhanylar we tutuş mejlis Isa ölüm jezasyny bermek üçin, Oňa garşy galp subutnamalar agtardylar. Köp ýalançy şaýatlar geldi, emma Oňa garşy hiç zat tapyp bilmediler. Ahyrsoňy iki sany ýalançy şaýat gelip: «Bu adam: „Men Hudaýyň ybadathanasyny ýykyp, ony üç günde täzeden salyp bilerin“ diýdi» diýip habar berdi. Baş ruhany ornundan turup: «Sen asla jogap berjek dälmi? Bu adamlaryň Seniň garşyňa berýän şaýatlygy näme?» diýdi. Köpler Oňa garşy ýalan şaýatlyk berseler-de, olaryň şaýatlygy bir çykmady. Onsoň mejlisiň ähli agzalary ýerlerinden turup, Isany Pilatyň ýanyna getirdiler. Olar Isany ýazgarmaga başladylar: «Biz bu adamyň milletimizi azdyrýandygyny gördük. Ol imperatora salgyt tölemäge garşy çykýar we Özüni Mesih hem Patyşa diýip atlandyrýar». Pilat Ondan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa oňa: «Aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. Onsoň Pilat ýolbaşçy ruhanylar bilen halka: «Men bu adamda hiç hili etmiş görmedim» diýdi. Emma olar hötjetlik edip: «Bu adam Öz taglymaty bilen tutuş Ýahudyýanyň ilatyny öjükdirýär. Ol Jelileden başlap, şu ýere çenli geldi» diýdiler.
Выбор основного перевода