Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Meniň bellän günüm olar Meniňki bolar. Olar Meniň gymmatly halkym bolar. Atasynyň özüne hyzmat eden ogluna haýpy gelşi ýaly, Meniň hem olara haýpym geler. Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere has-da köp ajaýyp peşgeşler bermezmi? Isa sözüni dowam etdi: «Bir adamyň iki ogly bar eken. Kiçi ogly kakasyna: „Kaka, mal-mülkden meniň paýyma düşenini ber“ diýýär. Kakasy hem baýlygyny ogullarynyň arasynda bölüp berýär. Birnäçe günden soň kiçi ogly bar-ýoguny toplap, bir uzak ýurda gidýär. Ol ýerde şady-horramlykda ýaşap, mal-mülküni ýele sowurýar. Bar zadyny sowandan soň, ýaňky ýurda gaty açlyk düşüp, ol horluk çekmäge başlaýar. Şeýlelikde, ol gidip, şol ýurduň bir ýaşaýjysyna günlükçi durýar. Ol hem ony öz örülerine doňuz bakmaga iberýär. Oglanyň doňuzlaryň iýýän kösükleri bilen garnyny doýrasy gelýärdi, emma oňa hiç kim hiç zat bermeýärdi. Ol ahyrsoňy akylyna aýlanyp, özüne şeýle diýýär: „Kakamyň ençeme günlükçileri bar, olaryň hemmesiniň hem doýýança iýmäge çörekleri bar. Men bolsa bu ýerde açlykdan öljek bolup ýörün! Gowusy, kakamyň ýanyna baryp, oňa: „Kaka, men Gökdäkä-de, saňa-da garşy günä etdim. Men indi seniň ogluň diýilmäge-de mynasyp däl. Meni öz günlükçileriňden biri ýaly kabul et diýeýin“. Ýigit kakasynyň ýanyna ugraýar. Ogly entek uzakdaka, kakasy ony görýär. Oňa ýüregi awaýar, ylgap baryp oglunyň boýnundan gujaklap, ony ogşaýar. Ogly oňa: „Kaka, men Gökdäkä-de, saňa-da garşy günä etdim. Men indi seniň ogluň diýilmäge-de mynasyp däl“ diýýär. Emma kakasy hyzmatkärlerine buýruk berip: „Dessine iň saýlama dony getiriň-de, oňa geýdiriň. Ellerine ýüzük dakyň, aýaklaryna köwüş geýdiriň. Baga bakylan göläni getirip, damagyny çalyň, iýip şatlanalyň! Sebäbi bu oglum ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýýär. Şeýdip, olar toý etmäge başlaýarlar.
Выбор основного перевода