Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ogla ýene-de şeýle diýýär: «Ýa Reb, Sen gadymyýetde ýeriň binýadyn tutduň, gökler hem Seniň elleriňiň işidir. Olar ýitip gider, Sen bolsa dowam edersiň, olar köne eginbaş kimin dargap giderler. Sen olary köýnek kimin düýrlärsiň; olar tozup gidýän eginbaş kimin çalşyrylar. Emma Sen hiç haçan üýtgemersiň, soňy ýokdur Seniň ýyllaryň». Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy. Men ýeriň düýbüni tutanymda, sen niredediň? Bilýän bolsaň, aýt hany! Ýeriň ölçegini kesgitlän kim? Sen bulary bilýändirin öýdýäňmi? Onuň üstünden ýüp çeken kim? Ýer sütünlerini saklaýan diregler nämä berkidilen? Onuň burç daşyny kim goýdy? Şonda daň ýyldyzlary aýdym aýdyşdylar, ähli ylahy barlyklar begenjinden gygyryşdylar. Halklaryň bar hudaýlary ýöne bir butdur, emma gökleri Reb ýaradandyr. Gökleri ýaradyp, olary geren, ýeri we ondakylary ýaýan, ondaky ynsanlara dem beren, onda gezýänlere jan beren Hudaý şeýle diýýär:
Выбор основного перевода