Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawudyň hemişe işi rowaçdy, çünki Reb onuň bilendi. Eger-de sen kakaňyň ýöreýşi ýaly sap ýüreklilik, dogrulyk bilen Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyran ähli zatlarymy edip, Meniň hökümlerimdir düzgünlerimi berjaý etseň, „Seniň nesliňden Ysraýyla höküm sürjek adam kemlik etmez“ diýip, kakaň Dawuda wada berşim ýaly, Ysraýylyň üstünden patyşalygyňy berkarar ederin. Şeýdip, Dawut tutuş Ysraýyla patyşalyk edýärdi. Ol tutuş halkyny adyllyk hem hakykat bilen dolandyrýardy. Gara ýürekliler Rebbe nejisdir, Reb sadyk ýoldan hoşaldyr. Isa oňa şeýle jogap berdi: «Kim Meni söýýän bolsa, sözümi berjaý eder. Atam hem ony söýer. Men Atam bilen ol adamyň ýanyna baryp, onuň bilen ýaşarys.
Выбор основного перевода