Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gam-gussamyň içinde Rebbi çagyrdym, öz Hudaýyma men perýat etdim. Ol ybadathanasyndan meň sesimi eşitdi; Onuň gulagyna perýadym ýetdi. Reb göklerden nazar aýlaýar, Ol adamzadyň baryny görýär. Dogry adamlarda Rebbiň gözleri, perýatlaryna açyk Onuň gulagy. Rebbiň ýüzi betkärlere garşydyr; olary ýatlamadan ýer ýüzünde nyşan galdyrmaz. Reb tagtyny göklerde berkarar etdi, Onuň şalygy ähli ýere hökmürowandyr. Reb şeýle diýýär: «Gökler Meniň tagtym, ýer aýagyma kürsüdir. Maňa gurjak öýüňiz hany?! Dynçlyk mekanym nirede boljak?! Emma Özüniň mukaddes ybadathanasyndadyr Reb, goý, bütin dünýä dymsyn Onuň öňünde! Men welin size asla ant içmäň diýýärin. Gökden ant içmäň, çünki gök Hudaýyň tagtydyr. Reb, olara, ine, şeýle diýdi: „Gökler Meniň tagtym, ýer aýagyma kürsüdir. Maňa nähili öý gurjaksyňyz siz?! Haýsy ýer dynçlyk mekanym bolar?!
Выбор основного перевода