Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rowaçlygy öz ellerinde dälmi näme? Pisleriň nesihaty menden uzakda bolsun! Pislik edýänler bilen ülpet bolup, erbetler bilen tirkeşýär. Ynsan işleri babatda aýtsam: Seniň buýruklaryň arkaly, zalymyň ýollaryndan men gaça durdum. Rebden bir zat diledim, islegim şudur: Rebbiň öýünde ömürboýy ýaşamak, Rebbiň gözelligini höwes bilen synlamak, Onuň ybadathanasynda doga- -dilegler etmek. Çünki Ol muşakgatlyk wagtynda meni gorar Öz penasynda hem-de gizlär Öz çadyrynda; Ol gaýanyň üstüne meni galdyrar. Erbediň ýodasyna gadam basma, ýöreme ýamanlaryň ýolundan. Dogruçyl hiç haçan ornundan sarsmaz, erbetler ýer ýüzünde galmaz. Çendenaşa bihaýa iş edýän gedem hem tekepbir adamyň ady masgaralaýjydyr. Keýp çekýänleriň meýlisinde oturmadym, şatlanmadym men. Seniň eliň üstümde bolup, meni gazapdan dolduranyň üçin ýalňyz özüm oturdym,
Выбор основного перевода