Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaý: «Asmanyň astyndaky suwlar bir ýere jemlensin we gury ýer emele gelsin!» diýdi. Bu şeýle-de boldy. Hudaý gury ýeri ýer, bir ýere jemlenen suwlary bolsa deňiz diýip atlandyrdy. Hudaý munuň gowudygyny gördi. Ýagtylyk bilen garaňkylygyň arasyna, suwlaryň ýüzüne serhet çekdi. Deňze gözenekdir gapy goýup, oňa çäk çeken-de Mendirin. Deňze: „Şu ýere çenli akyp, mundan aňryk geçmersiň, güýçli tolkunlaryň şu ýerde togtasyn!“ diýdim. Sen ýeri binýatlarynyň üstünde gurduň, ol sarsmaz asyrlarboýy. Suwlar gaýdyp ýer ýüzüni örtmesin diýip, olar geçmesin diýip, bir serhet goýduň.
Выбор основного перевода