Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hawa, seniň aman galanlaryň: ‘Bir döwüm çörek taparym ýaly, maňa Öz ruhanylaryňyň arasyndan iş ber’ diýip, gara şaý ýa-da bir döwüm çörek üçin dyza çöküp, oňa ýalbararlar“». Çeken azabyň hözirini başgalar görer, gazanjyň özgäniň öýüne gider. Ýigit öldürilmäge alnyp barylýan öküz ýaly, bagryndan ok geçýänçä, duzaga howlugýan sugun ýaly, janynyň kastynadygyny bilmän tora barýan guş mysaly, aýalyň yzyna düşýär. Danalygy söýýän ogul atasyny şatlandyrýandyr, emma lolulara ýaran bolan mal- -mülküni ýoklaýandyr. Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Her bir ynsanyň janyny awlajak bolup, her kimiň bilegine bilezik dakýan, dürli boýdaky adamlaryň başyna bürenjek tikýän aýallaryň dat gününe! Siz Meniň halkymyň janyny awlamak bilen öz janyňyzy halas edýändiris öýdýärsiňizmi?
Выбор основного перевода