Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol patyşanyň hyzmatyndaky agtalaryň biri bolan Harbona şeýle diýdi: «Patyşanyň janyny halas eden Mordekaýy asmak üçin Hamanyň taýýarlan beýikligi elli tirsek bolan dar agajy onuň öýünde dur». Patyşa: «Şol dar agajyndan onuň özüni asyň» diýdi. Şeýdip, olar Hamanyň Mordekaý üçin taýýarlan dar agajyndan onuň özüni asdylar. Şondan soň patyşanyň gahary ýatyşdy. Öz ýamanlygy inýär onuň başyna, zalymlygy inýär öz depesine. Milletler gazan çukuryna özleri gaçdy, gizläp guran toruna öz aýaklary çolaşdy. Meni gabanlaryň agzyndan çykan gargyşlar, goý, olaryň öz başlaryndan insin. Etmişi ýalançylyk ýüpleri bilen, günäni araba tanaplary bilen süýreýänleriň dat gününe! Olaryň ömür tanaplary kesilip, dünýäden paýhassyz ötüp gidýärler“». Gulak asmasalar, gylyçdan heläk bolarlar, dünýäden pähim-paýhassyz ötüp giderler. Dogruçylyň agzy köpleri bakýar, akmaklar bolsa kemakyllykdan ölýär. Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Öz barlygymdan ant içýärin. Men erbet adamyň ölüminden däl-de, onuň erbet ýolundan dönüp, diri galmagyndan hoşal bolýaryn. Dönüň! Erbet ýollaryňyzdan dönüň! Eýsem, sen näme üçin öljek, eý, ysraýyl halky?“.
Выбор основного перевода