Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Süleýmanyň pähimleri
Параллельные места
Ýüreginiň Rebden dönmezligi üçin, patyşa özüne köp aýal, şeýle hem, köp möçberde altyn-kümüş edinmesin. Süleýman faraonyň gyzyndan başga-da mowaplardan, ammonlardan, edomlardan, sidonlylardan, hetlerden birtopar keseki aýallara aşyk boldy. Süleýmanyň garrylyk çagynda aýallary onuň ýüregini keseki hudaýlara tarap öwürdiler. Süleýman kakasy Dawut ýaly Hudaýy Rebbe wepaly bolmady. Ysraýyl patyşasy Süleýman şeýle aýallar zerarly günä etmedimi näme? Köp milletleriň arasynda onuň ýaly patyşa ýokdy. Ol Hudaýyň halanydy. Hudaý ony bütin Ysraýylyň üstünden patyşa etdi, emma keseki milletden bolan aýallar oňa günä etdirdiler. Ýogsa abraýdan düşersiň, zalyma bergidar bolarsyň.
Süleýmanyň pähimleri
Выбор основного перевода