Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Suwlary bulutlaryň içinde saklaýar, bulutlar olaryň agramyna böwsülmeýär. Men ýeriň düýbüni tutanymda, sen niredediň? Bilýän bolsaň, aýt hany! Ýeriň ölçegini kesgitlän kim? Sen bulary bilýändirin öýdýäňmi? Onuň üstünden ýüp çeken kim? Deňiz ýeri böwsüp çykanda, onuň öňüne böwet basan kim? Deňzi bulutlar bilen örtüp, ony tüm garaňkylyga gaplan Mendirin. Sen otaglaryňy suwlaryň üstünde gurýaň, bulutlary Özüňe söweş arabasy edinýäň, ýeliň ganatlaryna münüp aýlanýaň. Sen ilçileri ýeller dek edýäň, emeldarlary ot-alaw edýäň. Suwlary goşawujy bilen, gökleri garşy bilen ölçän kim? Ýeriň tozuny ölçege salan, Baýyrlary terezide, daglary gapanda çeken kim? Gökleri ýaradan, Ol Hudaý, dünýäni ýaradan, oňa şekil beren, ony berkiden, boş bolmasyn, adamly bolsun diýen Reb şeýle diýýär: «Men Rebdirin, Menden başga hiç kim ýokdur». Hiç kim göge çykan däldir; oňa diňe gökden inen Ynsan Ogly çykandyr. Onuň gözleri ot ýaly ýanýardy, başynda hem birtopar täji bardy. Onuň maňlaýyna Onuň ady ýazylgydy, ýöne bu ady Özünden başga hiç kim bilýän däldir.
Выбор основного перевода