Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýyňyz Rebbiň size berjek ýerindäki galalarda ysraýyl doganyňyzyň biri mätäçlik çekse, doňýürek bolmaň, zada mätäç doganyňyz üçin eliňizde baryny aýamaň. Biri bar paýlaýandyr, baýlygy bolsa artýar. Biri bar – gaty gysyk, diňe mätäçlige gowuşýar. Kim garyba merhemet edýän bolsa, Rebbe karz berýär, Reb onuň öwezini gaýtarar. Garybyň dady-perýadyna gulak asmadygyň öz dady-perýadyna-da jogap berilmez. Şuny unutmaň: gysganyp ekýän az orýandyr, sahylyk bilen ekýän, bol orýandyr. Bu babatda Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylandyr: «Ol sahylyk bilen paýlady, mätäje berdi, onuň dogrulygy dowam eder ebedi».
Выбор основного перевода