Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sülügiň iki gyzy bar: «Ber! Ber!» diýip gygyrýar. Üç zat bardyr, hiç doýmaz, has takygy dört zat «Besdir» diýmez: Ölüler dünýäsi, önelgesiz ýatgy, suwdan ganmaýan toprak, «Besdir» diýmeýän ot. Bar zat irizýär. Muny söz bilen beýan edip bolmaz. Göz görmekden doýmaýar, gulak-da eşitmekden. Ine, bir ýalňyz adam bardy; onuň ne ogly bardy, ne-‑de dogany. Çekýän zähmetiniň soňy ýokdy, ýöne şonda-da gözi baýlykdan doýmaýardy. Ol: «Men kim üçin zähmet çekýärin? Kim üçin özümi lezzet almakdan mahrum edýärin?» diýip sorady. Bu-da biderek, ýowuz ýumuş. Baýlyk aldawçydyr. Baýlar tekepbirdirler, olarda ynjalyk bolmaz, ölüler dünýäsi ýaly açgözdirler, doýmazlar asla ölüm ýaly. Ähli milletleri ýanlaryna toplap, ähli halklary basyp alýarlar olar.
Выбор основного перевода