Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb sizi söýer, ýalkar we köpelder. Ol ata-babalaryňyza wada eden ýurdunda siziň örňäp ösmegiňize, ýeriňizden alynýan önüme, dänäňize, şerabyňyza we ýagyňyza, şeýle hem, mal-garalaryňyzyň köpelmegine, sürüleriňiziň sanynyň artmagyna bereket berer. Muňa garamazdan, onuň Hudaýy Reb Iýerusalimi kuwwatlandyrmak üçin, Abyýam ölenden soň ornuna patyşa bolar ýaly, oňa bir ogul berdi. Hudaý Reb muny Dawudyň hatyrasy üçin etdi. Elmydama eli açyk hem-de karz berýär; olaryň neslinden ýalkanyş geler. Onuň zürýady ýurtda kuwwatly bolar, dogrularyň nesli bereket tapar. Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.
Выбор основного перевода