Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Güýjüm küýzäniň döwügi dek gurady, dilim-de kentlewügime ýapyşdy, çünki ölüm topragynda Sen meni goýduň. Ýürek şatlygy ýüzi ýagtyldýar, ýürek yzasy ruhy syndyrýar. Garyplaryň hemme güni muşakgat, ýöne ýagşy ýürek mydamalyk meýlisdir. Para almaň, çünki para akyldarlaryň gözüni kör eder, dogrynyň işini ters eder. Gizlin berlen sowgat gahary, goltuga sokulan para güýçli gazaby ýatyrýar. Düşünjesiz hökümdar juda zalymdyr, adalatsyz gazanjy ýigrenýän bolsa ömrüni uzaldýandyr. Ejizleriň hakyny iýýärsiňiz, ýoksullary adalatdan mahrum edýärsiňiz, dul hatynlary awlaýarsyňyz, ýetimler oljaňyz bolýar. Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.
Выбор основного перевода