Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Faraon öz emeldarlaryna: «Biz Ýusupdan başga Hudaýyň Ruhy bolan adamy tapyp bilmeris» diýdi. Dogry söz patyşanyň göwnünden turýar, ol dogry gepleýäni söýýär. Hojaýynyň sadyk hem akylly hyzmatkäri kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi? Hojaýyny dolanyp gelende, işiniň başynda gören hyzmatkäri nähili bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn: hojaýyny ähli mal-mülküni şoňa ynanar. Bu ýerde bir ýüzbaşynyň ezizläp hormatlaýan hyzmatkäri keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Ýagşy iş edýänler häkimiýet ýolbaşçylaryndan gorkmaýarlar. Olardan ýaman iş edýänler gorkýandyrlar. Häkimiýetden gorkman ýaşasyň gelýärmi? Ýagşy işleri et, şonda häkimiýet seni taryplar.
Выбор основного перевода