Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Süleýmanyň pähimleri
Параллельные места
Görşüme görä pislik sürümini geçirip, hasraty ekýänler, şony-da orýandyrlar. Wyždansyz öz ýollaryndan, ýagşy adam öz edeninden kanagatlanar. Dogrulara aýdyň, ýagşylyk görerler olar, öz işleriniň miwesini iýerler. Pisleriň dat gününe! Betbagtçylyk iner olaryň başyna, elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler. Diňle, eý, ýer ýüzi. Bu halkyň başyndan betbagtlyk indererin. Bu olaryň eden niýetleriniň miwesi bolar, sebäbi Meniň sözlerime gulak asmadylar, taglymatymy bolsa ret etdiler. Onuň ýanyna giren yzyna dolanyp bilmez, gaýdyp ýaşaýyş ýoluna ýetmez. Kim meni tutmasa, öz janyna zyýan edýär. Meni ýigrenýänleriň ählisi ölümi söýýändir». Eziz dostlar, janyňyza garşy söweşýän günäli höweslerden gaça duruň diýip ýalbarýaryn. Çünki siz bu dünýäde keseki hem gelmişeksiňiz.
Süleýmanyň pähimleri
Выбор основного перевода