Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Menden dile, saňa bereýin milletleri miras hökmünde, tutuş älem-jahany mülk hökmünde. Sen olary demir hasaň bilen döwersiň, küýzegäriň golçasy deý çym- -pytrak edersiň». Rebbiň howpundan, Onuň şan-şöhratyndan gaýalarda bukulyň, toprak astynda gizleniň. Halkyň gedem bakyşlary peseldiler, ynsan tekepbirligi egler, şol gün diňe Reb beýgeldiler. Hökmürowan Rebbiň bir güni bar, şol gün ähli tekepbirleri, gedemleri, ähli beýgeldilenleri peselder, Liwanyň ähli beýik we belent başly kedr agaçlaryna, Başanyň bar dublaryna garşydyr, Ähli belent daglara, beýik depelere garşydyr. Her bir beýik diňe, her bir berk gala garşydyr. Tarşyş gämileriniň baryny, owadan gaýyklaryň hemmesini ýok eder. Ynsan men-menligi, hem gedemligi peseldiler, şol gün diňe Reb beýgeldiler. Butlar bütinleý ýok ediler. Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň howpundan, şan-şöhratyndan, gaýalardaky gowaklara, ýeriň deşiklerine girerler. Şol gün adamlar özleriniň sežde etmek üçin ýasan altyn-kümüş butlaryny körsyçanlaryň, ýarganatlaryň öňüne oklarlar. Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň şan-şöhratyndan, howpundan gaýalardaky gowaklara, kert gaýalardaky jaýryklara girerler. Soňy ölümli ynsanlara bil baglamaň. Kim bolupmyş olar? Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Küýzegäriň küýzesiniň döwlüşi ýaly, ony täzeden bejerip bolmaýşy ýaly, Men hem bu halky we şäheri şeýdip döwerin. Topetde ölüleri jaýlamak üçin ýer galmaz. Guzy altynjy möhüri döwende, ýeriň gaty çaýkananyny gördüm. Gün gara ýüňden dokalan jul kimin garaldy, Aý bolsa gana döndi. Asmandaky ýyldyzlar ýere paýyrdap döküldiler. Olar bişmedik injirleriň güýçli ýeliň zarbyna ýere dökülişi ýaly gaçdylar. Gök hem kagyz kimin düýrlenip, gözden ýitdi. Daglaryň, adalaryň ählisi öz ýerinden gozgandy. Dünýäniň şalary, şazadalary, müňbaşylary, baýlary, ygtyýarlylary, hemme gullar we azat adamlar gowaklarda, dagyň gaýalarynda gizlendiler. Olar daglara we gaýalara ýüzlenip, şeýle diýdiler: «Biziň üstümize ýykylyň! Bizi tagtda Oturanyň ýüzünden, Guzynyň gazabyndan gizläň! Çünki Olaryň gazabynyň güni ýetip geldi. Muňa döz geljek barmy?»
Выбор основного перевода