Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýahýa gelen ylham
Параллельные места
Gümmeziň depesinde ýakut görnüşli tagtyň keşbi bardy; tagtyň keşbiniň üstünde ynsan görnüşinde bir keşp bardy. Men seredenimde, oduň görnüşinde bir adamyň şekilini gördüm. Onuň bilinden aşagy oda meňzeýärdi, bilinden ýokarsy bolsa ýakut ýaly şöhle saçýardy. Gije şol görnüşimde ynsan ogluna meňzeş biriniň gögüň bulutlary bilen gelýändigini gördüm. Ol owaldan Bar Bolanyň ýanyna ýakynlaşyp, Onuň huzuryna getirildi. Başymy galdyryp seretsem, ine, eginbaşy nepis zygyr matadan, bili sap altyndan kemerli biri durdy. Onsoň görsem, ine, bir ak bulut bar. Buludyň üstünde ynsan ogluna meňzeş Biri otyrdy. Onuň başynda altyn täji, elinde hem ötgür oragy bardy. Ybadathanadan ýedi belany getirýän ýedi perişde çykdy. Olaryň egninde tämiz, ap-ak zygyr lybaslar, billerinde bolsa altyndan guşaklary bardy.
Ýahýa gelen ylham
Выбор основного перевода