Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Mattanyň Hoş Habary
Параллельные места
Ýusup olara: «Golaýragyma gelseňizläň» diýdi. Olar Ýusubyň golaýyna geldiler. Ol sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Men siziň Müsüre satan doganyňyz Ýusupdyryn. Ýusup olara: «Gorkmaň, men Hudaýmy näme?! Emma Men direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn» diýdi. Indi çalt gidip, Onuň şägirtlerine: „Isa direlipdir, Ol sizden öň Jelilä barýar. Siz Ony şol ýerde görersiňiz“ diýiň. Gulak asyň, men size muny aýdandyryn» diýdi. Şunluk bilen, on bir şägirt Jelilä, Isanyň aýdan dagyna gitdi. Emma Men direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn» diýdi. Isa oňa: «Maňa golaýlaşma, sebäbi Men entek Atamyň ýanyna çykamok. Sen doganlarymyň ýanyna gidip, olara Meniň göge, Atamyň – Hudaýymyň ýanyna barýanymy aýt. Ol siziň-de Ataňyzdyr we Hudaýyňyzdyr» diýdi. Bu wakalardan soň, Isa Tiberiýa kölüniň kenarynda ýene şägirtlerine göründi. Bu şeýle boldy: Simun Petrus, Ekiz lakamly Tomas, Jeliläniň Kana şäherinden bolan Natanaýel, Zebedeýiň ogullary we Isanyň şägirtlerinden ýene ikisi bir ýere üýşüpdiler. Simun Petrus olara: «Men balyk tutmaga gidýärin» diýdi. Olar-da: «Biz hem seniň bilen gitjek» diýdiler-de, gaýyga münüp gitdiler, ýöne şol gije hiç zat tutup bilmediler. Gün doganda, Isa kenarda durdy, ýöne şägirtleri Onuň Isadygyny bilmediler. Isa olardan: «Eý, dostlar, iýmäge zadyňyz barmy?» diýip sorady. Olar: «Ýok» diýip jogap berdiler. Isa olara: «Toruňyzy gaýygyň sag tarapyna taşlaň, tutarsyňyz» diýdi. Olar tory sag tarapa taşladylar welin, şeýle bir köp balyk tutdular, hatda balygyň köplüginden ýaňa tory çekip çykarybam bilmediler. Şonda Isanyň söýgüli şägirdi Petrusa ýüzlenip: «Bu Reb Isadyr!» diýdi. Simun Petrus Onuň Rebdigini eşiden badyna egnindäki köýneginiň etegini guşagyna gysdyryp, özüni köle oklady. Beýleki şägirtler bolsa balykdan doly tory çekip, gaýyk bilen ýüzüp geldiler. Olar kenardan uzak däldiler, onuň iki ýüz ädim çemesi golaýyndadylar. Olar gury ýere çykanlarynda, çörek we közüň üstünde bişip duran balyk gördüler. Isa olara: «Indi tutan balyklaryňyzdan getiriň» diýdi. Simun Petrus gaýyga münüp, içinde ýüz elli üç sany ullakan balykdan doly tory kenara çykardy. Balyk şeýle köp bolsa-da, tor ýyrtylmandy. Isa olara: «Hany, geliň, ertirlik ediniň» diýdi. Ondan: «Sen kim?» diýip soramaga şägirtleriň hiç biri milt edip bilmedi. Olar Onuň Rebdigini bilýärdiler. Isa olaryň ýanyna geldi-de, çöregi alyp, olara berdi, balygy hem şeýle etdi. Bu Isanyň direlenden soň, şägirtlerine üçünji gezek görnüşidi. Olar nahar edinip bolanlaryndan soň, Isa Simun Petrusdan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, sen Meni bulardan artyk söýýärsiňmi?» diýip sorady. Simun Oňa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýändigimi Özüň bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Guzularymy otlat» diýdi. Isa ikinji gezek ondan ýene: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, sen, hakykatdan hem, Meni söýýärsiňmi?» diýip sorady. Ol hem Isa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýändigimi Özüň bilýänsiň» diýip jogap berdi. Isa oňa: «Goýunlarymy bak» diýdi. Isa ýene-de ondan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýip, üçünji gezek sorady. Isanyň «Meni söýýärsiňmi?» diýip üçünji gezek sorany üçin, Petrus gussa batdy. Ol Isa: «Ýa Reb, Sen ähli zady bilýänsiň, Seni söýýänimi-de bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Goýunlarymy otlat. Men saňa dogrusyny aýdýaryn, ýaşkaň özüň biliňi guşap, islän ýeriňe gidýärdiň. Garranyňda welin, elleriňi uzadyp durarsyň, seni başga biri guşandyryp, islemeýän ýeriňe alyp gider» diýdi. Isa bulary Petrusyň nähili ölüm bilen ölüp, Hudaýy şöhratlandyrjakdygyny bildirmek üçin aýtdy. Muny aýdandan soňra oňa: «Meniň yzyma düş» diýdi. Petrus yzyna seredende, Isanyň söýgüli şägirdiniň hem öz yzlaryna düşüp gelýänini gördi. Bu şägirt agşamlyk nahary wagtynda Isa ýaplanyp, Ondan: «Agam, Saňa haýynlyk etjek adam kim?» diýip soran şägirtdi. Petrus ony görüp, Isadan: «Ýa Reb, onuň ykbaly nähili bolar?» diýip sorady. Isa oňa: «Özüm dolanyp gelýänçäm, onuň diri galmagyny isleýän bolsam, saňa näme? Sen Meniň yzyma düş» diýip jogap berdi. Şu sebäpden imanly doganlaryň arasynda bu şägirt ölmez diýen gürrüň ýaýrady. Emma Isa onuň ölmejekdigi barada aýtmandy, Ol Petrusa diňe: «Özüm dolanyp gelýänçäm, onuň diri galmagyny isleýän bolsam, saňa näme?» diýipdi. Çünki Hudaý olary ezelden saýlap--seçdi we Ogluna meňzetmegi owaldan karar etdi. Ol muny Isa Mesihiň köp sanly doganlarynyň arasynda nowbahar bolmagy üçin amal etdi. Ynsanlary mukaddes edýän Isa we Ol arkaly mukaddes edilenler indi bir maşgala degişlidir. Şonuň üçin hem Isa olara dogan diýmekden utanmaýar.
Mattanyň Hoş Habary
Выбор основного перевода