Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň Bilgam Hudaýdan gelen aýanlygy habar berip, şeýle diýdi: «Mowap patyşasy Ballak meni gündogardaky daglardan, Siriýa ýurdundan getirip, şeýle diýdi: „Gel, meniň üçin Ýakuby näletle, gel-de, Ysraýyla garga!“ Tarşyş şalary we deňiz ýakasyndakylar oňa paç-hyraç tölesin, Şeba we Seba şalary sowgat getirsin. Oňa ähli şalar, goý, tagzym etsin, oňa ähli milletler, goý, hyzmat etsin. Ýahudyýa patyşasy Hirodyň döwründe Zekarýa atly bir ruhany bardy. Ol Abyýanyň ruhanylar toparyndandy, onuň aýaly Elizabet hem Harunyň neslindendi. Şol günlerde Rim imperatory Awgust tutuş imperiýada ilat ýazuwyny geçirmek barada perman çykardy. Bu ilkinji ilat ýazuwy bolup, ol Kiriniusyň Siriýa hökümdarlyk eden döwründe geçirildi. Ilat ýazuwyndan geçmek üçin, her kim öz şäherine gitdi. Şeýlelikde, Ýusup hem Jeliledäki Nasyra şäherinden çykyp, Dawudyň Ýahudyýadaky Beýtullaham şäherine gitdi, sebäbi ol Dawudyň urugyndan bolup, onuň nesline degişlidi. Ýusup ýazylmak üçin ol ýere göwreli adaglysy Merýemi hem alyp gitdi. Olar Beýtullahamdakalar, Merýemiň aýy-güni dolup, nowbahar ogluny dogurdy. Merýem Ony gundaga dolady-da, bir ahyrda ýatyrdy, sebäbi olar myhmanhanadan ýer tapmandylar. Olar Beýtullahamdakalar, Merýemiň aýy-güni dolup, nowbahar ogluny dogurdy. Merýem Ony gundaga dolady-da, bir ahyrda ýatyrdy, sebäbi olar myhmanhanadan ýer tapmandylar. Rim imperatory Tibereýiň hökümdarlygynyň on bäşinji ýylynda, Pontiý Pilat Ýahudyýanyň häkimi döwründe Hirod – Jeliläni, onuň dogany Filip – Itureýa bilen Trahonitis welaýatyny, Lisaniýas-da Abilini dolandyrýardy.
Выбор основного перевода