Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Isa ýüzbaşa: «Bar, gidiber, goý, saňa imanyňa görä bolsun!» diýdi. Onuň hyzmatkäri şol sagadyň özünde sagaldy. Isa öwrülip, ony gördi-de: «Eý, naçar, dogumly bol, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Aýal şol pursadyň özünde sagaldy. Şonda Isa oňa: «Eý, zenan, seniň imanyň beýik! Saňa isleýşiň ýaly bolsun!» diýdi. Ol aýalyň gyzy şol sagadyň özünde sagaldy. Ol adam hyzmatkärlerinden oglunyň gowulaşyp başlan sagadyny sorady. Olar oňa: «Düýn gündiz sagat birde gyzgyny gaýtdy» diýdiler. Onsoň munuň Isanyň «Ogluň ýaşar» diýen sagadynda bolandygyna atasy göz ýetirdi. Şeýdip ol öý-içersi bilen birlikde Oňa iman etdi.
Выбор основного перевода